Aşgabatdaky ÝHHG merkezi
Tertip-düzgünli dolandyrma
![](https://www.osce.org/files/imagecache/10_large_gallery/f/images/hires/8/6/383092.jpg?1527771273)
Посол Наталья Дрозд (слева), глава Центра ОБСЕ в Ашхабаде, модерирует торжественное открытие Региональной министерской конференции на тему «Надлежащее управление и экономическая взаимосвязанность - передовая практика в регионе ОБСЕ», г. Ашхабад, 31 мая 2018 года. (ОБСЕ) Photo details
Türkmenistana korrupsiýa, bikanun ýol bilen gazanylan pullaryň kanunylaşdyrylmagyna we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek ugrunda öz borçnamalaryny ýerine ýetirmekde ýardam bermek maksady bilen Merkez maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Tertip-düzgünli dolandyryş merkezine goldaw berýär.
Merkez korrupsiýanyň, jenaýatçylyk işinden gazanylan pullaryň kanunylaşdyrylmagynyň, terrorizmiň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak hem-de döwlet edaralarynyň işgärleriniň bu ugurda jogapkärçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça halkara mehanizmler we gurallar dogrusynda öňdebaryjy bilermenler we döwlet gulluklarynyň işgärleri üçin okuwlary we seminarlary gurnaýar. Şeýle-de, Merkez jenaýatçylyk işinden gazanylan pullaryň kanunylaşdyrylmagyna garşy göremek hakyndaky we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göremek hakyndaky kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagy we olara düzedişleriň girizilmegi üçin maliýe we ykdysadyýet ministrliginine hünärmençilik goldawyny berýär.