Aşgabatdaky ÝHHG merkezi
Serhetiň dolandyrylmagy
Özüniň býujetden daşary “Türkmenistanda serhet gullugynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslamasynyň çäginde Merkez çuňlaşdyrylan serhet patruly, suwasty patruly, dagçylyk, lukmançylyk we itlere tälim berijiler üçin ýörite okuwlar şeýle-hem söwda proseduralaryny ýeňilleşdirmek boýunça howpsuzlyk jähtlerini öz içine alýan seminarlar ýaly çäreleri yzygiderli gurnap durýar. Türkmenistandan we Owganystandan gatnaşyjylar üçin serhetiň dolandyrylmagyna degişli meseleler boýunça okuwlaryň geçirilmegi hem bu taslamanyň bir bölegi bolup durýar.
Merkez harby-deňiz we serhet howpsuzlyk ofiserleri, gümrük gullugynyň, awiasiýa we howa menzilleriniň howpsuzlyk işgärleri üçin ýöriteleşdirilen tälim beriji okuwlary yzygiderli tertipde geçirip durýar. Bu tälim beriji okuwlar patrul proseduralary, gözegçilik etmek usullary, deňiz serhetleriniň howpsuzlyk teswirnamalary we howa menzilleriniň howpsuzlygyny dolandyrmak ýaly mowzuklary öz içine alýar. Şeýle-de, Merkez Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerini neşe serişdereleriniň bikanun söwdasyna garşy göreşmek we syýahatçylyk resminamalarynyň howpsuzlygyny artdyrmak usullary boýunça hem taýýarlaýar.